| |
Capítulo 1 Introdução
|
| |
| Adamdaky ýeke-täk öýjükli zigotyň
esasyndaky dinamiki hereket
uly adamlarda öýjükleriň
sanynyň 100 trillýona ýetmegi
bütin tebigatyň iň ajaýyp hadysasydyr.
|
| Häzir ylmy barlagçylaryň pikirne görä,
adaty funksiýalaryň köpüsi
uly adam göwresiniň ýerine ýetirmegi bilen
göwrelilik döwründe tertibe gelýär -
ýagny, dogulmazdan has öň tutulýar.
|
| Dünýä inmekden öňki
ösüş döwri
bu taýýarlyk döwür hökmünde düşündirilýär,
çünki adamyň ösüş döwri
köp mümkinçilikleri,
hem-de zerur bolan köp tejribeleri
dünýä inmeden soň ýaşamak üçin talap edýär.
|
Capítulo 2 Terminologia
|
| Adamda göwrelilik döwri takmyndan 38 hepde
tohumlandyrylmadan,
ýa-da çaga galandan tä dogulýança
dowam edýär.
|
| Tohumlandyrylmadan soň ilkinji
Sekiz hepdäniň dowamynda
ynsanyň ösüşine
"düwünçejik" diýilýär,
ol "içki ösüş" diýmegi aňladýar.
Düwünçeklik döwür diýlip
atlandyrylýan bu döwür
esasy beden sistemalarynyň köpüsiniň
emele gelşini häsiýetlendirýär.
|
| 8 hepdäniň dolmagyndan başlap
tä dogulýança çenli
"ynsanyň ösüş döwrüne
" göwredäki emele gelen çaga" diýilýär,
ol "dogulmadyk nesil" diýmegi aňladýar.
Düwünçeklik döwür diýlip
atlandyrylýan bu döwür
göwre ulalyp ösüp başlaýar we onuň
sistemalary sazlanmaga başlaýar.
|
| Bu programmadaky düwünçekligiň
ähli ýaşaýyş döwürleri
tohumlandyrylmadan
soňky wagta salgylanýar.
|