| |
Capítulo 40 3 a 4 Meses (12 a 16 Semanas): Papilas Gustativas, Movimento de Mandíbula, Reflexo de Sucção, Percepção dos Primeiros Movimentos do Feto
|
| |
| 11-12 hepde aralygynda
düwünçegiň agramy 60%
göterim töweregi ulalýar.
On iki hepdäniň dolmagy
bilen göwreliligiň
birinji üç aýlygy tamamlanýar.
|
| Agzyň içini eýýäm dolylygyna
tagam alyş gatlagy ýapýar.
|
| Çaganyň dünýä inmegi
bilen tagam alyş
gatlaklary diňe dilde
we agzyň ýokarky böleginde bolýar.
|
| Ýogyn içege heretekleri iň
ir 12-nji hepdede başlaýar
we 6 hepde töweregi dowam edýär.
Düwünçegiň we täze dogan çaganyň aýlaw
görnüşli ýogyn içegesinden ilkinji sapar
çykýan serişgä mekonium diýýilýär.
Ol iýmit siňdiriş enzimalardan,
proteinlerden, we iýmit
siňdiriji içege ýollaryndan
çykan ölü öýjüklerden ybaratdyr.
|
| 12 hepdä çenli,
elleriniň uzynlygy
göwräniň gutarnykly ululyk
proporsiýasyna barabar bolýar.
Aýaklar özleriniň soňky
proporsiýasyny almak üçin wagt
biraz köp gerek bolýar.
|
| Diňe bir arka we kelläniň ýokarky
bölegi däl, düwünçegiň
bütün göwresi çalaja eldegme
jogap berip başlaýar.
|
| Düwünçegiň jyns aýratynlyklarynyň
ösüşi ilkinji sapar
görnüp başlaýar.
Mysal üçin, aýal düwünçegiň
eňegi erkek düwünçegiňdan köp
hereket edýändigi aýdyň görünýär.
|
| Edilen hereketiň täsirine jogap
hökmünde, agzyň
töweregine el degrilende
gapdala aýlanmagyna
we agzyň açylyp, hereketiň
stimulýasyna getirýär.
Bu netijä "esasy
refleks" diýilýär
we bu endik dünýä
inenden soň hem çaga
iýmitlendirmede ene göwsüni
tapmaga kömek edýär.
|
| Çaganyň çekgeleri doluşyp,
ýüzi keşbe gelip
başlaýar we
dişleri ösüp başlaýar.
|
| 15 hepdede, gan-emele getirýän
öýjükler döreýär we süňk
ýilikleriniň içinde köpelýärler.
Köp gan öýjükleriň emele
gelşi şu ýerde bolup geçýär.
|
| Embrionda ilkinji hereketler
6-hepdede başlaýan hem bolsa
göwreli aýal düwünçegiň
hereketini diňe 14-18
hepdäniň arasynda düýüp bilýär.
Däp bolşy ýalyý, bu
hadysa oýanma diýilýär.
|