| |
Capítulo 43 5 a 6 Meses (20 a 24 Semanas): Responde ao Som; Cabelo e Pele; Idade de Viabilidade
|
| |
| 24 hepdede göz
gabaklary açylýar
we düwünçek çalt-gorky göz
açyp ýummasyny edip başlaýar.
Bu hereket aýal jynsly
düwünçeklerde birden
gaty ses bolanda adatça
irräk döräp başlaýar.
|
| Birnäçe ylmy barlagçylar
gaty sesiň gönüden-göni
düwünçegiň saglygyna täsir
edýändigini habar berýärler.
Şolwagtky täsiriň netijeleri bolsa
yzygider ýürek urgusynyň
çaltlaşmagyna, çakdanaşa
köp ýuwdunmagyna, häsiýetiniň
çalt üýtgemegine getirýär.
Uzaga çekýän şunuň ýaly zyýanlaryň
netijesi kerlige alyp barýar.
|
| Düwünçegiň dem
alyşy we goýberişi minutda
44 çenli
ýetýär.
|
| Göwreliligiň soňky 3 aýynda
beýniniň
çalt ösmegi
düwünçegiň ulanýan
güýjüniň 50 % alýar.
Beýniniň argamy 400 we
500 % aralykda ösýär.
|
| 26 hepdede gözler
ýaş döredip başlaýar.
Göreçler 27 hepdeden soň
ýagtyny duýup başlaýarlar.
Bu duýgular gözeneklerden
gelýän ýagtylyklaryň
möçberine görä bütin ömrüň
dowamynda kadalaşýar.
|
| Ys alyş ukyplylygynyň
ähli komponentleri
işlemeklerini dowam edýärler.
Wagtyndan öň doglan
çagalar öwrenilende olaryň
ys almak ukyplylygynyň
tohumlandyrylmadan soň 26 hepdede döräp
başlaýandygy bellenilýär.
Amniotic suwuklyga süýji
zatlar goşulda
çaganyň ýuwduş
hereketi çaltlanýär.
Tersine ajy zatlar
goşulanda bolsa,
ýuwduş hereketleri
haýallaýar.
Ýuzuň ýygy-ýygydan üýtgäp duran
Keşbi muňa laýyk gelýär.
|
| Ýöreýän ýaly aýak
hereketleri etmek
bilen düwünçek göwrede
aýlanyp başlaýär.
|
| Düwünçegiň derisiniň aşagyna
ýaglaryň barmagy bilen
deriniň ýygyrtlary
azalyp başlaýar.
Ýaglar göwreniň temperaturasyny
saklamakda we doglandan soň zerur
bolan güýji toplamakda esasy orny tutýar.
|
Capítulo 44 7 a 8 Meses (28 a 32 Semanas): Discriminação de Sons, Estados Comportamentais
|
| |
| 28 hepdede düwünçek
güýçli we pes
ýygylykdaky sesleri
seljermegi başarýar.
|
| 30 hepdelik bolanda dem alyş
hereketleri has çaltlaşýar we
ortaça düwünçegiň wagtynyň
30%-dan 40% alýar.
|
| Göwreligiň soňky 4 aýynda belli
wagtlarda düwünçegiň uýgunlaşan
käbir hereketleri
şonuň ýaly-da dynç
alyş döwürleri bellenilýär.
Bu hereket
endikleri merkezi
nerw sistemasynyň
ösüşiniň çylşyrymlylygyny görkezýär.
|
Capítulo 45 Os Membros e a Pele
|
| |
| Takmyndan 32 hepdäniň
dowamynda hakyky alweola
ýa-da perdeler ýa-da howa "gaby"
öýjükleri döräp başlaýar.
Olar dogulandan soň 8 ýaşa
çenli döremegini dowam edýär.
|
| 35 hepdede düwünçek eli bilen
berk ýatyşmagy başarýar.
|
| Düwünçege dürli substansiýalaryň
berilmegi bilen doguluşdan soň
gowy netijeleriň
bolmagyna garaşylýar.
Mysal üçin, çaga
dogulandan soň hem
ene göwrelilik döwründe
düzüminde anis bolan
süýji tagamlary iýse,çaga dogandan
soň şol tagamlary saýlaýar.
Göwrelilik wagty anis iýilmese,
çaga doglandan soň ony halamaz.
|
Capítulo 46 9 Meses até o Nascimento (36 Semanas até o Nascimento)
|
| |
| Düwünçek estrogen atly
gormony köp mukdarda
çykarylyp
başlanýar we şunlykda
düwünçek dogluşa barýar.
Çaga dogluşynda ýatgynyň
güýçli gysylyşy netijesinde
güýç emele getirýär.
|
| Tohumlandyrylmadan tä dogluşa
çenli we soň adamyň ösüşi
örän dinamik, hemişilik dowam
edýän we kyn prosesdir.
Bu ajaýyp prosses barada täze
açyşlar adamyň ömrüniň bütin
dowamynda onuň sagdyn bolmagynda
düwünçegiň ösüşiniň täsiriniň
möhümdigini görkezýärlar.
Biziň adam ösüşi barada
düşünjelerimiziň ösmegi bilen,
dogulyşdan öň we soň özümiziň
saglygymyzy güýçlendirmek
mümkinçiliklerimiz artar.
|